TmForum
Would you like to react to this message? Create an account in a few clicks or log in to continue.

id="recentTopics">
Go down
Admin
Admin
Adminstrasiýa
Adminstrasiýa
Mesaj Sayısı : 31
Rep : 64
Agza bolan wagty : 26/01/2022
Yaş : 17
Nerden : Aşgabat
https://tmforum.yetkinforum.com

Mehaniki hereket Empty Mehaniki hereket

Fri Jan 28, 2022 1:51 am
Bizi gurşap alan ähli jisimler (ýyldyzlar, planetalar, örän kiçijik atomlar we olary düzýän bölejikler) üznüksiz hereketdedirler. Hereketiň iň ýönekeý formasy we hemmelere has ýakyny mehaniki hereketdir. Jisimiň beýleki jisimlere görä giňişlikdäki ýagdaýynyň wagtyň geçmegi bilen üýtgemegine mehaniki hereket diýilýär.
Mehaniki hereketleri fizikanyň mehanika diýlip atlandyrylýan bölümi öwrenýär. Mehanikanyň esasy wezipesi hereket edýän jisimiň giňişlikdäki ýagdaýyny islendik wagt pursatynda kesgitlemekden ybaratdyr.
Jisimiň ähli nokatlarynyň birmeňzeş hereket edýän wagtyndaky hereketine öňe hereket diýilýär. Beýle hereketde jisimiň islendik nokadynyň iki nokadyny birleşdirýän göni orny öz-özüne parallel üýdgedýär.
Berlen şertlerde ölçeglerini hasaba almazlyk mümkin bolan jisime material nokat diýilýär.
Jisimiň dynçlykda diýip şertli kabul edilen başga jisimlere görä hereketine göräli hereket diýilýär.
Mehanikada hasaplama jisiminden, onuň bilen baglanşykly koordinatalar sistemasyndan we oňa görä dynçlykda bolan, aralygy hem-de wagty ölçemek üçin ulanylýan abzallardan durýan sistema hasaplama sistemasy diýilýär.

Mehaniki hereket 300px-Leaving_Yongsan_Station

THE_MAN Bu Bloga Like goý

Back to top
Permissions in this forum:
You cannot reply to topics in this forum