TmForum
Would you like to react to this message? Create an account in a few clicks or log in to continue.

id="recentTopics">
Go down
Admin
Admin
Adminstrasiýa
Adminstrasiýa
Mesaj Sayısı : 31
Rep : 64
Agza bolan wagty : 26/01/2022
Yaş : 17
Nerden : Aşgabat
https://tmforum.yetkinforum.com

Pol Morfi  Empty Pol Morfi

Fri Jan 28, 2022 2:07 am
Pol Çarles Morfi (22/06/1837 - 10/07-1884, iňlisçe: Paul Charles Morphy) ABŞ-ly küştçi. Öz zamanasynyň iň naýbaşy küşt ussady we gaýry-resmi çempiony hasaplanýar. Küşt geniýsi hasaplanýan Pol Morfä ajaýyp küşt karýerasy bolandygyna seretmezden ir ýaşda küşt karýerasyny ýapmagy sebäpli "küştüň guwanjy we gynanjy" diýilýärdi.[2] Bobi Fişer ony özüniň iň beýik hasaplaýan 10 küştçisi arasynda görkezdi we o barada "megerem adamzat taryhynda iň takyk küştçidir" diýip belläp geçdi.
Morfi Nýu-Orlinsde gurply we adybelli maşgalada dünýä indi. Küşti kakasy we agasynyň oýunlaryna tomaşa etmek bilen öwrendi. Maşgalasy onuň bu babatdaky zehinini aňmagy bilen ony maşgala duşuşyklarynda küşt oýnamaga höweslendirdi we 9 ýaşyndaka eýýäm şäheriň iň ökde oýunçylaryndan hasaplanýardy. 12 ýaşyndaka dünýä belli küştçi syýahatçy Ýohan Löwentaly 3 oýunlyk duşuşykda ýeňdi.
1857-nji ýylda Hukuk ugrundan bakalawr derejesi gazandy emma entek işlemek üçin kanuny ýaşa ýetmändigi sebäpli özüne baş wagt tapyndy. Agasynyň maslahaty bilen Nýu-Ýorkda geçiriljek Birinji Amerikan küşt kongresine gatnaşdy. Bu kongresde Pol Morfi Aleksandr Mik we Luis Polsen ýaly zamanasynyň adybelli küştçilerini ýeňdi we bäsleşigi çempion hökmünde tamamlady, mundan soňra ABŞ-nyň küşt çempiony hökmünde jar edildi. 1857-nji ýyly Nýu-Ýorkda küşt oýnap geçirdi, 1858-nji ýylda Ýewropanyň öňdebaryjy oýunçysy hasaplanýan Howard Stonton bilen garşylaşmak üçin Ýewropa gitdi, Howard Stonton bilen garşylaşma gurnalmady. Morfi Ýewropanyň beýleki öňdebaryjy küştçileri bilen bäsleşdi we köplenjine açyk ýeňişler gazandy we dünýäniň iň naýbaşy küştçisi hökmünde görüldi.
Pol Morfi  PaulmorphyHair
Çagaka Morfi kakasy Alonso Morfi we agasy Ernest Morfi küşt oýnaýarka oýny deňlik diýip ylalaşyp oýny tamamladylar, mundan soňra Morfi olara oýnyň deňlik däldigini we Ernest Morfiniň ýeňiş gazanyp biljekdigini aýtdy, Pol Morfi olara degişli pozisiýany gaýtadan düzüp sypdyrylan ýeňişi görkezmeginden soňra kakasy we agasy muňa haýran galdy. Mundan soňra Morfi maşgalasy Pol Morfiniň küşt zehininiň üstünden bardy, maşgalasy ony maşgala duşuşyklarynda we ýerli küşt ýygnanyşyklarynda küşt oýnamaga höweslendirdi, 9 ýaşyndaka eýýäm Nýu-Orlinsiň iň güýçli oýunçylaryndan hasaplanýardy. 1846-njy ýylda General Winfild Skot Morfileriň şäherine gezelençdekä şäheriň iň güýçli küştçisi bilen garşylaşmak isleýändigini aýdanda oňa garşy 9 ýaşly Pol Morfini çykardylar.
12 ýaşyndaka Pol Morfi dünýäbelli güýçli küştçi Wengriýaly Ýohan Löwental bilen garşylaşdy. Löwental ilki bilen garşydaşyny diňe bir "synamak" maksatly oýnaýandygyny ýaňzytdy emma birinji oýnyň 12-nji göçüminde garşydaşynyň güýçli oýunçydygyny kabul etdi. Löwental we Morfi 3 oýun oýnady, Morfi 2 ýeňiş we 1 deňlik gazandy (başga bir çeşmä görä Morfi 3 oýunda hem ýeňdi
Back to top
Permissions in this forum:
You cannot reply to topics in this forum