TmForum
Would you like to react to this message? Create an account in a few clicks or log in to continue.

id="recentTopics">
Go down
Admin
Admin
Adminstrasiýa
Adminstrasiýa
Mesaj Sayısı : 31
Rep : 64
Agza bolan wagty : 26/01/2022
Yaş : 17
Nerden : Aşgabat
https://tmforum.yetkinforum.com

Parapsihalogiýa näme? Empty Parapsihalogiýa näme?

Mon Jan 31, 2022 4:07 am
Ilki Bilen Şu Mowzugy okajaklar , esasanam düşünjeklere ýazdym . Durmuşuma many gatan bilimi Özüne Söýdüren Ylymlaryň biri hem parapsihalogiýadyr . Parapsihalogiýa düşünseňiz Maddy durmuşdan daşary köp zady başaryp bilersiňiz , ýagny ruhy dünýä hem elýeter bolup bilersiňiz . Bu oýunjak däldir , bilimde ýada mekdeplerde bu hili sapak berilenok diýip özüňizden tapýaňyz ýa ynanamok diýip hem bilersiňiz . Ýöne meşgullanýan adam gaty kän , subutnama edilen we başarjaklara özüm hem bilenlerimi eden zatlarymy öwretmekçi . Meň Hem Şul ugurdan ýeke maksadym , ileride parapsihalogiýa degişli sapaklaň mekdeplerde ýada uly okuw jaýlarynda ýörite berilmegi . Sebäbi durmuşuň manysyny bilmek gowy ýaşamak dert aladadan çykmak , karoçim bolgusyz durmuş ýaşap gitmemek üçin bir gowy ylym bilim ugry . Gysgaça mazmun beremde

parapsihologiýa ; ekstrasensor duýgusy , psihokinez , ölümden soňky durmuş bilen baglanyşykly adatdan daşary hadysalar ; tejribe usuly arkaly köp dersli (köp metodiki) okuw . Parapsihologlar telepatiýa , göwün açyklyk , psihokinez hadysasy we beýleki dürli psihiki hadysalar ýaly adaty bolmadyk ukyplar bilen baglanyşykly gözleg ugry hökmünde görýärler . Prawoslaw psihologiýa bilen baglanyşykly ýa-da düşündirip bolmaýan kabul ederliklidir.
Fransuz dilinden türk diline terjime edilen bu söz , grek dilinde “aňyrsynda” manysyny berýän “ para ” (παρά) goşulmasyny psihologiýa sözüne goşmak bilen alyndy we ilkinji gezek 1889-njy ýylda nemes psihology Maks Dessoir tarapyndan ulanyldy. Häzirki wagtda parapsihologlar psi adalgasyny bu adaty bolmadyk hadysalary aňlatmak üçin ulanýarlar, şeýle hadysalaryň haýsydyr bir mehanizm ulanmazdan ýüze çykýandygyny bellemek üçin. Psi parapsihologiýa terminologiýasynda grek elipbiýiniň 23-nji harpy Bu maksat bilen ulanylmagynyň ýa-da saýlanmagynyň sebäbi, psihika sözüniň baş harpy bolup , grek dilinde " jan " we " durmuş " manylarynda ulanylýar.
Parapsihalogiýa näme? 136px-Psi2.svg
Häzir Parapsihalogiýanyň terjimehalyny giňişleýin aýdyp başga hiçzat aýdyp bermesem , hiçhili gyzyklanmarsyňyz göni taşlarsyňyz başlamankaňyz.Ilki bilen birzat aýdaýyn parapsihalogiýa eýleki bilimler ýaly ýa bolmasa iç gysgynç kitaplar ýaly däldir . Durmuşyň manysyna göz ýetirmek özüňi maddy dünýeden ruhy dünýäň baýlyklaryny ulanyp bilmek üçin adama kömek berýar . Parapsihalogiýa esasan köp zat degişlidir . Men Türkleriň habarlarynda astral seyahat diýip duş geldim kiçiräjik wagtym . Şol habarda adam bedeninden çykyp dünýäni aýlanyp ýör edip görkezipdiler . Habarda adam oturan ýerinde bedeninden çykýar soň bolsa kosmasa çenli bar ýerini aýlanyp yzyna gaýdyp bedenine girýär . Astral syýahaty uludan kiçiň başaryp biljekdigi baradada aýdyp ýördi .Ol wagtlar kän düşünemokdym başarmaryn öýdýädim esasanam bedenden çykamsoň yzyňa dolanyp bolmaz "ölerin" gorkysy bardy . Ýöne soň soňlar birgün internetde gezip ýörkäm parapsihalogiýa barada bir saýta duş geldim . Şol saýtdan hem giňişleýin öwrenip gyzyklanyp başladym . Astral Syýahat üçünji göz telepatiýa , we ýene ş.m birnäçe zatlar . Men esasan size gyzykly biriniň üstünde durup geşjek . Asyl parapsihalogiýa bilen gyzyklanmagymyň sebäbi astral syýahat . Sebäbi onda Köp zatlar edip bolýar . Näme edip bolýar muň näme peýdasy bar nämä gerek ol ýaly soraglar hem berersiňiz?
Astral syýahata çykan wagtyň maddy dünýeden gopýaň we Ruhy dünýä degişli bolýaň . Jynlar baradada forumda aýdyp geçendirn okan bolsaňyz , jynlar hem maddy dünýä dälde ruhy dünýä degişli . Meselem siz astral syýahata çykan wagtyňyz adyndanam bolşy ýaly syýahat edip bilýäňiz . Men şonsuzam samalýoda ýa maşynly gitjek ýerime syýahat edip bilýän şeklinde düşünmegiňiz hem ahmal . Ýöne siz astral syýahata çykan wagtyňyz bedenden çykyp ruh bolýaňyz ruhy dünýä degişli bir ruh , ýagny adamlardan tarapyndan görülmeýärsiňiz we Uçup bilýärsiňiz . Astral syýahata çyksaňyz ilki bilen uçup gitmek isleýän ýeriňize planetalara çenli gitmek mümkindir . Ýa bolmasa garandaşdyr tanyş biriňiziň öýüne girip şolaryň näme edýändigini görüp bilersiňiz . Ýöne 6njy duýuşy güýçli bolmadyk adamlar sizi görüp bilmez , 6njy duýuşy güýçli adamlar hem görüp bilmez diňe barlygyňyzy duýar . Öýüň içinde birzat bar öýdýän şeklinde pikirlener . Binalaryň içinden geçip uçup ýörmek , halaýan bir adamyňyz hakda şolara gidip maglumat almak gowy bolmazdymy? . Kimiň edesi gelmez bul zatlary . Kimiň uçup gaýyp ýörüp jaýlaryň içinden geçip görünmez bolasy gelmez . Bul zatlar subut edilen we Mümkin , ýagny internetde hem gözletseňiz çykyp gören adamlar kän . Bul zatlary 100% subut edip bolmaýanlygyňyzyň sebäbi , ýaňky diýişim ýaly hiçkim sizi görüp bilmez . Şonuň üçin astral syýahata çykan adamy kamera nädip alsyn . Ruhlary ýa jynlary surata alýan wideo alýan kameralar intäk döredilmedi . Şol sebäpli hem Köp zady subut edip bolmaz . Siz diňe özüňiz özüňize subut edip billersiňiz . Diňe özüňizi ýa size düşünjek birini ynandyrp bilersiňiz . Howwa Maňada häzir hiçkim ynanmaz , ýöne menem başta ynanamokdym . Soň öwrenmek isledim ynanmak bilmek we bilýän adamlardan kömek almak . Öwrenesi gelýänler ýada öwrenjekler bar bolsa Men birnäçe blog dörederin bu barada . Esasy zat öwrenmek öwretmek düşünmek bilmek . Ruhy güýçleriň lezzetini duýmak Parapsihalogiýa näme? 3852691137

GulerYuzli Bu Bloga Like goý

Back to top
Permissions in this forum:
You cannot reply to topics in this forum