TmForum
Would you like to react to this message? Create an account in a few clicks or log in to continue.

id="recentTopics">
Go down
Admin
Admin
Adminstrasiýa
Adminstrasiýa
Mesaj Sayısı : 31
Rep : 64
Agza bolan wagty : 26/01/2022
Yaş : 17
Nerden : Aşgabat
https://tmforum.yetkinforum.com

INTERNEDI ÖWRENMEK ISLEÝÄNLER-OKAŇ! Empty INTERNEDI ÖWRENMEK ISLEÝÄNLER-OKAŇ!

Thu Feb 03, 2022 2:30 pm
Salam , Hormatly Agzalar we Myhmanlar . Araňyzda Internet bilen gyzyklanýan , höwes edýän menem programmist boljak ýada menem saýt düzjek menem internetden pul gazanjak diýýänler bar bolsa Mowzugy okamagyňyzy maslahat berýän. Ilki bilen Internet diýmek Google däldir , google prosta brauzerdir ýagny gözleg matory . Programmistlik hem höwes ediljek zat däldir . 1-2 ýyl Internetde saýtlarda , imoda , ş.mlarda aýlanyp men internedi öwrenjek , men saýt aşjak , men pul gazanjak diýip gezmäň . Internedi öwrenmek isleýänler esasy wagtyny internedi öwrenmäge bermelidir . Aňsat zat ýokdur , ýöne başarmak mümkin däl zat hem ýokdur . Türkmenistanda programmist inzener örän az . Şol sebäpli hem internet dünýämiz gaty ösen däl , herkim bukulgyja saýtlar açýar programmalar ýasaýana kän duşmadym . Aslynda girýän saýtlaryňyzyň 90%-y googleda çykanok . Google diňe garry saýtlary gowy görýär wagtyň geçmegi bilen özi çykarýar . Egerde saýt pul berip açylan bolsady hemme ýerde hem çykardy . Bütin brauzerlerde internediň bar ýerinde , ýöne şondada hiçkim zat bilenok açýalar bir saýt ana menem internedi bilýän diýişip aýlanyşyp ýörler . Alýalar ondan mundan birzatlar ana menem bilýän bolaýýa . Siz diňe eýle ýagdaýda özüňizi aldarsyňyz hemişede özüňizi aldap gezersiňiz . Howwa açarsyňyz bir mugt saýt ýöne ol saýty size mugtjak açmaga rugsat berýän edarada 1-gündir 2-gündir soň-soňlar ýapylar . Ýapylmadyk halatyndada siziň interneda höwesiňiz bolman ýekeje saýt açyp bilýänsiräp ýörşüňize birgün internetden gidersiňiz , gitmeli bolarsyňyz . Men hem birgün internetden gitmeli bolaryn ol ýalan zat däl . Öýlenerin maşgala guraryn , kakaň ýa ejeň puluna ýaşap bolmaz uly adam bolup . Ana Şol wagty gelende belkem men programmistçilik edip gün güzeranymy görerin . Siz programmist bolsaňyz gowy işleseňiz hiç ýurtdada kynçylyk çekmersiňiz . Jübüňiz dolup durar , abraýyňyz artyp durar , işiňiz ýeňilleşer . Durmuşyňyz diňe Kampýuteriň öňünde oturpjyk pul gazanmak bilen geçer . Nähili gowy durmuş , şeýle dälmi . Gynansagam dilde aýtmak ýaly aňsat däl ilki bilenä başlangyç bilimi özüňiz almaly , alsaňyz gowy . Soň bolsa ýörite bul ugurda okamaly öwrenmeli döretmeli we özüňizi görkezmeli . Men bir blogda size internedi öwredip biljekdäl ýa sizi baýadyp biljekdäl . Men Bul blogy size Ugur görkezmek üçin açdym size ýol görkezmek üçin . Ýaşlyk döwrüňizi iň bolmanda ýekeje peýdaly zada gidiriň , internetda boş aýlanyp ýörmek deregine ýekeje zady hem bolsa öwreniň . Söýgi tapylar , keýpi sapa tapylar , gülmek şowhunly wagt geçirmek entäp kaňkamagam tapylar ýöne wagty gelse Wagt tapylmaz . Ene ataň beren çöregi tapylmaz , ýaşlygyňdaky mugt iýmek içmek ýatmak durmuşy tapylmaz . Iş hem tapylmaz , özüňiz gözlemeseňiz . Ýa gara işgär bolup ötersiňiz dünýeden ýada Özüňizi görkezip abraýyňyzy guma gazap gidersiňiz pozulmaz ýaly edip . Saýlaw öz eliňizde , asyl maksadym bu mowzukda size bir saýt berip iň bolmanda başlangyç çalajada bolsa derejäni şol saýtdan öwrenip bilersiňiz diýmekçidim . Ýöne uzaldyp içimdäkileri aýdaýaýyn diýdim . Agzalar we myhmanlar siz meniň açan blog saýtymdan internet dünýäsini has manyly düşünip öwrenip bilersiňiz . Esasy zat höwesiňiz bolsun we aýlanyp ýörmek deregine bir hatada bolsa sowulyp okaň düşüniň!
INTERNET DÜNÝÄSINI ÖWRENMEK ISLEÝÄNLER ÜÇIN BLOG SAÝTYM

https://programmisthakerler.wordpress.comINTERNEDI ÖWRENMEK ISLEÝÄNLER-OKAŇ! Z

THE_MAN Bu Bloga Like goý

Back to top
Permissions in this forum:
You cannot reply to topics in this forum